Maňa –
seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa–
seniň sözleriňden gitme ýok.
Düşün, bu dünýäde soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men.
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok,
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok.
Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hassaly gojalykdan giderin.
Çünki men olardan gitmän bilemok,
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok
Men zemin,
Sen bolsaň ullakan asman,
Saçyny nur edip üstüme dökýän.
Emma düşün, läläm, şeýle gün dogar
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme,
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne.
Men bir gyzda gözleriňi görerin,
Men bir gyzda sözleriňi görerin.
Şapakda görerin ýaňagyn alyn,
Gijede görerin ýaňagyň halyn.
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin,
Onda seniň gözýaşyňy görerin.
Zemin aýlanyp dur.
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýerini tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok!