Paulo Koelho “Aleph” (Arap elipbiýiniň ilkinji harpy –Elif) atly kitabynda Hilal atly türk gyzy bilen Sibirden ýola düşen otly arkaly amala aşyran 15 günlük syýahaty barada gürrüň berjekdigini duýdurdy. “Twitterde” kitabyň ýazylyşynyň ýagdaýy barada günibirin gürrüň berip durjakdygyna söz beren ýazyjy: “Näme üçin türk gyzy bilen syýahat edendigimi kitap satuwa çykan wagty bilersiňiz” diýdi. Koelho kitabyň 2006-njy ýylda otlyda eden syýahatyndan täsirlenip ýazylyp başlandygyny we onuň hakyky eser bolandygyny mälim etdi. Türk gyzynyň hakyky adynyň Hilal däldigini-de sözüniň üstüne goşdy. Kitabyň birinji sapar Braziliýada ýakyn wagtlarda satuwa çykjakdygyny, dünýä derejesinde bolsa 2011-nji ýylda çap ediljekdigini duýdurdy. Ol: “Bu syýahat ýolgörkezijisi bolmaz. Şeýle uzak wagtlyk otlyly syýahatyň meniň geçmişime, ruhuma we gelejegime gönükdirilen syýahata neneňsi öwrülendigini beýan ederin” diýdi. Koelhonyň kitaplary 200-den gowrak ýurtda 67 dilde 100 million nusgadan gowrak satyldy. “Alhimik” bolsa 74 ýurtda 35 million nusgada satyldy
zaman