تورکمن صحرا مدیا
www.turkmensahramedia.net
بیز حاقدا
info@turkmensahramedia.net
5840
|

 

Biziñ sahypamyz baradaky öz garaýşlaryñyzy aşakdaky adrese iberip bilersiñiz:

turkmensahramedia@gmail.com

Türkmen Sähra Media (TSM) – garaşsyz elektron neşirdir. Ol türkmen we pars dillerinde çykýar. TSM-yñ gapysy ähli azat, demokratik garaýyşly ynsanlar we dürli pikirler üçin hemişe açykdyr.

Bu neşiriñ aladasy Türkmen Sährañ ýaşaýşyny we türkmen milletiniñ medeni, sosial we syýasy ýagdaýyny tankydy nazardan analizlemek we ony giñişleýin şöhlelendirmekden ybarat. Biz Türkmen Sähranyñ röwşen pikirlileriniñ bir topary bolup, Türkmeniñ gadymdan gelýän kanunlaryndan (töreden) ylham alyp, peýdalanyp, häzirki durmuşy gowulandyrmagyñ ýoluny tapmaga we halkymyza elimizden gelen kömegi bermäge çalyşýarys. Töräniñ kanunlary aşakdakylardan ybaratdyr:

1. Günülik (Adalat) 2. Tüzünlük (Deñlik) 3. Üzülik (Mähribanlyk).

Bize öz makalalaryñyzy ibereniñizde aşakdaky talaplary göz öñünde tutsañyz, minnetdar bolarys.

• "Eger gahar gapydan girse, töre penjireden gaçyp gider" diýen ata-babalarymyzyñ dürdäne sözlerine uýup, biz her hili ýaramaz gylygy we gahar-gazaby nädogry hasaplaýarys. Biz özara hormata bil baglaýarys.

• TSM-de goýuljak makalalaryñ mazmuny düşnükli bolmaly.

• Ynsan hormatyny saklamaýan makalalar internet sahypamyzda goýulmaýar.
• Başga internet sahypalara iberilen makalalar, adatça, TSM-de çap edilmeýär.

• TSM-de çap ediljek we edilýän her bir makalanyñ mazmunynyñ jogapkärçiligi ony ýazanyñ öz boýnuna düşýär.

• Öz sahypamyzda çykarýan materiallaryñ mazmunyny ýoýmazdan we üýtgetmezden, zerurlyk bolan halatynda, gysgaltmaga TSM-iñ haky bardyr.

• Terror, uruş we adam mertebesini kemsidiji makalalar sahypada goýulmaýar.

• Delilsiz makalalar hem çap edilmeýär.
Makalalaryñ çeşmeleri belli bolmaly.

Tsmñ jogapkär modyri: Mäty Wekilly

05 - 09 1385 / 26 -11 2006

 


سایتئنگ آدئنی آیدئپ ، اونونگ یازغی لارئندان قوللانئپ بولار.
گچن صاحیپا اؤورولیش